Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly bellenilip geçildi. Ähli mekdeplerde, şol sanda Ýolöten etrabynyň 19-njy orta mekdebinde baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy.
Şanly baýramçylyk mynasybetli guralan dabara Ýolöten etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilip, oňa ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we okuwçylar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler çärä gatnaşanlary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesle döwrebap hem-de kämil derejede bilim bermekde ata Watanymyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny buýsançly bellediler. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzda bagtyýar ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermekde hem-de watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra mekdep okuwçylaryň taýýarlan aýdym-sazly täsirli çykyşlaryna giň orun berildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda eziz Diýarymyzyň beýik ösüşi, bagtyýar çagalyk joşgunly wasp edildi. Şeýle-de, bu ýerde 1-nji synpa gadam basan 6 ýaşly körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuter sowgady ýaşuly nesillerimiz tarapyndan dabaraly gowşuryldy.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.