ÇAGALYK DÜNÝÄSINIŇ TÄSINLIKLERI

     Golaýda Sakarçäge etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda «Çagalyk dünýäsiniň täsinlikleri» atly çäre geçirildi. Çärä bu bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler, terbiýeçilerdir mugallymlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen çäräniň dowamynda körpeleriň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Işjeň häsiýetde geçen çärede ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlaryň owazy belentden ýaňlandy. Berkarar döwletimiziň, bagtyýar zamanamyzyň waspyny ýetiren aýdym-sazlar körpe nesliň wekilleriniň bu çärä uly taýýarlyk görendiklerini aýdyň görkezdi.

     Şadyýan çykyşlardan soňra körpejeler mugallymlaryň gürrüň beren türkmen halk ertekilerini uly höwes bilen diňlediler. Körpeler ertekiler dünýäsine syýahat edip, erteki gahrymanlary bilen içgin tanyşdylar. Çagalar bu gahrymanlar barada, olaryň özlerini alyp baryşlary hakda özara pikir alyşdylar. Şeýle hem mugallymlar çagalyk dünýäsiniň täsinliklerinden lezzet alýan çagalar bilen ertekileriň ähmiýeti, olaryň çaga dünýäsine edýän täsiri dogrusynda söhbet etdiler.

     Hususan-da, mugallymlaryň körpelere haýsy ertekiniň haýsy gahrymanyna meňzäsi gelýändigi hakdaky beren soraglary, çagalaryň bu soraglara beren gyzykly jogaplary has-da täsirli boldy. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi çagalaryň dünýägaraýşynyň giňemeginde, olaryň milli mirasymyz bilen ýakyndan tanyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 49 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6282 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ