ASUDALYK – ÖSÜŞLERIŇ GANATY

     Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň çäginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän ählihalk çäresi abadan durmuşymyzyň üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe bolýar.

     Golaýda bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Mary welaýatynyň Mary şäher Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda «Asudalyk – ösüşleriň ganaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ady agzalan guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.

     «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda bu ählihalk çäresiniň ähmiýeti, şeýle-de onuň  çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalar dogrusynda söhbet açyldy. Çykyşlaryň dowamynda ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalaryň öňüni almakda we olaryň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny wagyz etmek-de, şeýle hem ýaramaz endikleriň täsirleri we sagdyn durmuş ýörelgeleri barada joşgunly gürrüň edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 49 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6282 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ