WELAÝATYMYZDA BUGDAÝ EKIŞINE GIRIŞILDI

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem güneşli Diýarymyzyň milli ykdysadyýetinde obasenagat toplumy aýratyn orny eýeläp, bu pudagy depginli ösdürmek we sahawatly toprakdan öndürilýän bol hasylyň möçberini artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda geçiren mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol bir hatarda biziň Mary welaýatymyzda-da bugdaý ekişine girişildi.

     Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, asylly däbimize laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisniň deputatlarynyň,oba hojalyk işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda bugdaý ekişine badalga berildi.

     Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyz «Bismilla» diýip, topraga bereket tohumyny sepdiler. Bugdaý ekijileri tirkelen traktorlaryň gyradeň hereketi bilen ekişe girişildi. Giň meýdançada ýerleşdirilen tehnikanyň ätiýaçlyk şaýlary bolsa, tehnikanyň ekişde bökdençsiz işlejekdigine berk ynam döredýär.

     Soňra baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazyň owazy toý märekesiniň ruhyny göterdi.

     Şeýle hem dabara gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň döwletli döwranda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 49 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6282 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ