GATNAWLY ÝOLLARYMYZYŇ SAZLAŞYKLY BOLMAGY WAGYZ EDILDI

     Asuda Diýarymyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň başlanmagy bilen, bu derwaýys çäre welaýatymyzda-da guramaçylykly ýola goýlup, ol ählihalk işine öwrülýär. Şu jähetden, il-gün bähbitli geçirilýän bu ählihalk çäresine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle goşant bolsa, orta we ýokary okuw mekdeplerde, çagalar baglarynda täsirli guralýan wagyz-nesihat çärelerden ybarat bolýar.

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyň esasy maksady talyp ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalaryň öňüni almakdan, olaryň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini düşündirmekden şeýle hem gatnawly ýollarymyzyň sazlaşykly bolmagyny gazanmakdan ybarat boldy.

     Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan wagyz-nesihat duşuşygynda many-mazmunly çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň şäherleridir, obalarynda ulag ýollarynyň gurulýandygy we ýol gözegçilik gullugynyň işiniň barha kämilleşýändigi dogrusynda buýsançly bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda ajaýyp keşbe beslenýän ýollarda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny dogry berjaý etmeklik ündew edilip, ýollarymyzyň ak bolmagyna we maşgalalarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen bu ählihalk çäresiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

     Bu ýerde wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşyjylar ýollary çarýana uzaýan eşretli zamanamyzda halkymyzyň abadan we erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 49 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6282 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ