Häzirki günlerde ýaşlarda milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza we taryhy ýadygärliklerimize hormat goýmak, olara gadymy gymmatlyklarymyzy giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Ýaňy-ýakynda şeýle çäreleriň biri Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen gezelenç çäresi «Milli gymmatlyklarymyz – ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep» diýlip atlandyrylyp, oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
«Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelenjiň barşynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň medeni mirasyny we taryhy ýadygärliklerini öwrenmek, olaryň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek babatynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Soňra çärä gatnaşyjylar muzeýiň maddy we medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan bölümine, şeýle hem arheologiýa we etnografiýa bölümlerine gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda piliň süňkünden ýasalan küşt çöpleri, basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa, guralan çäräniň täsirliligini hem-de özboluşlygyny has-da artdyrdy.
Täsirli guralan gezelenç çäresine gatnaşanlaryň her biri milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.