Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berilýär. Şu jähetden welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, mekdeplerdir çagalar baglarynda baýramçylyk çäreleri dabaralandyrylýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 8-nji çagalar bakja-bagynda «Garaşsyzlygyň saýrak dilleri» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak, çagalaryň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen dabara bakja-bagynyň terbiýeçileridir körpeleri, çagalaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Çärede bakja-bagynyň «Nowruz nagmalary» çagalar toparynyň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda körpeler ençeme goşgulary labyzly ýerine ýetirdiler. Körpe nesliň wekilleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary has-da täsirli boldy. Welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän çärelerde üstünlikli çykyş edýän «Nowruz nagmalary» çagalar toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdyşyk aýdymlary, küştdepdi tansy has-da şowhunly pursatlara beslendi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda edilen çykyşlarda berkarar döwletimiziň, asuda zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi. Çärede işjeň çykyş eden körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi körpeleriň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmakda hem-de olaryň ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedir.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sähra UMMALYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.