«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň» ýylynyň häzirki günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahat duşuşygy hem bu şanly senä bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat duşuşygy «Halk Maslahaty – halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni» diýlip atlandyrylyp, oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň işgärleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini hem-de bu umumymilli foruma görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen geçirilen maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler «Geňeşli toý dargamaz» diýip nygtaýan pederlerimiziň ýol-ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändigi, şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi barada buýsançly bellediler.
Çykyşlaryň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň biziň welaýatymyzda-da barha işjeň häsiýete eýe bolup, bu umumymilli forumynyň milli demokratiýamyzyň dabaralanmasyna öwrüljekdigi barada aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen halkyny ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Serdar BERDIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.