Häzirki günlerde ýurdumyzyň çäginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän ählihalk çäresi abadan we asuda durmuşymyzyň üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe bolýar.
Ýaňy-ýakynda bu şanly waka mynasybetli ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrap bilim hem-de etrap Polisiýa bölümleriniň bilelikde guramagynda «Asuda ýollar, abadan ýollar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Many-mazmunly çykyşlara baý bolan wagyz-nesihat duşuşygyna ady agzalan guramalaryň wekilleri, ýokary synpda okaýan okuwçy ýaşlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Duşuşykda her ýylyň 1-30-njy sentýabr aýynyň dowamynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ählihalk çäresiniň ähmiýeti, onuň çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Häzirki wagtda ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketi düzgünleşdiriji we kadalaşdyryjy enjamlaryň bolmagynyň sürüjilere hem-de pyýadalara hereket etmekde amatly şertleriň döredýändigini çykyşlaryň dowamynda buýsanç bilen bellenildi.
Bu ähmiýetli çäräniň dowamynda halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň möçberli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Sülgün ATAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.