HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ AK PATA BERMEGI BILEN MARY WELAÝATYNDA PAGTA ÝYGYMYNA GIRIŞILDI

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da pagta ýygymy möwsüminiň ýetip gelmegi bilen, pagtaçylaryň üstünlikli zähmet çekmekleri, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň welaýatlarymyzda pagta ýygymyna girişmäge beren ak patasyna eýerilip, Mary welaýatynyň babadaýhanlary hem bu möwsüme baýramçylyk ruhunda girişdiler.

     Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ak dona bürenen gowaça meýdanynda toý dabarasy uludan tutuldy. Bu ýere ýygnana toý märekesi welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna, gyzykly sahna oýunlara we baýramçylyk ruhundaky tanslara tomaşa etdiler. Atyzyň gyrasynda hatara goýlan tehnikalar we dürli görnüşli sergiler oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

     Toý meýdançasyny tolgundyryjy pursatlaryň gurşap alan çagynda il sylagly ýaşulular ýagşy arzuw-dilegler edip, «Bismilla» bilen ak atyzly meýdanda pagta ýygmaga başladylar. Soňra dabara gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň döwletli döwranda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.

 

Maksat JANMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 46 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6281 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ