Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň paýhasly şygary bilen başyny başlan giň gerimli özgertmelerini «Watan diňe halk bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baý mazmunly şygar bilen mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda eziz Watanymyz ýeňişli menzilleri külterleýär. Bu günki gün bagtyýar zamanamyzda ykbalyny bagt nury çoýan halkymyzyň durmuşyndaky bolup geçýän taryhy wakalar we buýsançly seneler il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredip, täze sepgitlere galkyndyrýar.
Ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiziň teleköpri arkaly ak pata bermegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary bilen gelmegi türkmen halkyna, ylaýta-da, ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi.
Hut şu nukdaýnazardan, düýn bu şanly waka mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, aragatnaşyk we ulag ulgamlaryny durnukly ösdürmek bilen bagly tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi, şeýle işleriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da rowaç alýandygyny buýsançly belläp, ýakynda Hormatly Prezidentimiziň teleköpri arkaly ak pata bermegi we Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda täze desgalary açmagy, olaryň düýbüni tutmagy bilen mähirli gutladylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek-de, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek-de we ýurtlaryň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy yzygiderli pugtalandyrmak-da ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüji daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini buýsançly bellediler.
Soňra maslahata gatnaşyjylaryň we welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk Ýüzlenmesi kabul edildi. Şeýle hem türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.