Serkerdeleriň biri agyr ýygyn bilen gelen duşmana garşy çykmak üçin esgerlerini söweş meýdanyna çykarypdyr. Duşmanlaryň sany bularyňkydan ep-esli agdyk ekeni. Äpet manjanyklar, gorkunç naýzalar, hatar-hatar piller we düýeler esgerleriň has-da howuny basypdyr. Serkerde bu duşmany ýeňjekdigine ynansa-da, esgerler dowla düşüp, birneme ejizläp başlapdyr. Goşunyň ruhy ýagdaýyny sazlamak, olary söweşe ruhlandyrmak üçin, serkerde şol ýerdäki bir okumyş adamy ýanyny çagyrypydr. Esgerlerini töweregine jemläpdir. «Esgerler! Hiç kim ýazgydy üýtgedip bilenok. Ine, meniň elimde tylla şaýlyk bar. Onuň bir ýüzünde ok-ýaýyň suraty, beýleki ýüzünde iki tarapa bakyp duran laçynyň suraty bar. Goý, aramyzdaky iň okumyş adam bu şaýlygy göge sülsün. Eger şaýlyk ok-ýaýly ýüzüne düşse, biz hökman ýeňeris. Takdyr biziň tarapymyzda bolar. Eger laçyn guşly tarapyna düşse, onda biz ýeňleris, belki, uruşmagyň hajaty hem bolmaz» diýipdir. Okumyş adam tylla şaýlygy göge sülüpdir we aýasyny açyp görkezipdir: Ok-ýaý. Diýmek, ýeňiş biziň tarapymyzda bolmaly. Esgerler bu yryma şeýle bir ruhlanypdyrlar, duşmana sary at goýup, olary kül-peýekun edipdirler. Ummasyz olja eýe bolupdyrlar. Yzlaryna gaýdyşyn esgerleriň biri serkerdäniň ýany bilen gelýän ekeni. Ol serkerdä bakyp: «Dogrudanam, ýazgydy hiç kim üýtgedip bilenok ekeni. Biz az sanly bolubam, sany bimoçber, agyr ýygyndan üstün çykdyk» diýipdir. Serkerde: «Hawa, ýazgydy hiç kim üýtgedip bilmez» diýip ýylgyrypdyr-da, esgerlerini söweşe ruhlandyran tylla şaýlygyny aýasynda ýene bir töwra gysymlapdyr: Şaýlygyň iki ýüzünde hem ok-ýaýyň suraty bardy.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.