Ir döwürlerde ýol urup ýören galtamanlaryň biri kerweniň öňüni bekläpdir. Ählisiniň goş-golamlaryny talapdyrlar, kerwendäkileriň bolsa ganyna galmak üçin, südenekledip başlapdyrlar. Kerwenbaşy bu galtamanlara özelenip ýalbarypdyr, «Her kimiň yzynda bala-çagasy, gözüni dikip oturan perzentleri, ene-atalary, söwer ýarlary bar. Zadymyzy alsaňyzam, janymyzy halas ediň» diýipdir. Emma birehim galtaman it ýylgyryşyny edipdir, gözlerinde welin, bir zerre şepagat ýylpyldysy peýda bolmandyr. Hernäçe ýalbarsa-da, bolmajagyna gözi ýetensoň, kerwenbaşy baýryň depesindäki iki sany käkiligi görkezip, «Goý, onda ho-ol duran iki käkilik siziň adalatsyzlygyňyzyň, zalymlygyňyzyň şaýady bolsun» diýipdir. Galtamanbaşy bu ýagdaýa hahahaýlap gülüpdir, «Haý, sen-ä paňkelle ekeniň, heý-de käkiligem bir şaýat tutularmy?» diýipdir we olara zabun darap, oljalary sürüp äkidipdirler.
Aradan birnäçe ýyllar geçipdir. Bir gün şol sebitiň sözi ýörgünli emiri uly toý tutupdyr. Hemmeleriň hökman toýa görünmegini towakga edipdir. Uludan saçak ýazylypdyr. Ýaşlygynda ýol urup ýören şol galtamanbaşy hem toýda bar ekeni. Dürli-dümen naz-nygmatlar orta goýlupdyr. Datly tagamlar, süýji naharlar, göwün küýsän zatlaryň tapdyryp duran eken. Şol wagt saçaga iki sany gowrulan käkilik getiripdirler. Bu käkilikleri görüp, galtamanbaşy ýene gülmäge başlapdyr. Emir bu ýagdaýa geň galypdyr, onuň sebäbini sorapdyr. Galtamanbaşy: «Ýaşkam ýol urup ýörkäm, bir kerwene sataşdyk.Şonda kerwenbaşy «Malymyzy al, janymyza degme» diýip, hernäçe ýalbarsa-da, üns bermändik. Şonda ol tentek baýryň depesindäki iki sany käkiligi görkezip, «Şu ikisi bize şaýat bolsun» diýipdi. Şu wagt iki sany käkilik gördüm-de, şony ýatlaýdym» diýip, gülküsini dowamedipdir. Emir bu zalymlyga sebäp bolan galtamanbaşyny, onuň ähli hemşerilerini tutdurypdyr we jezalandyrypdyr. Hudaýyň adalaty hasyl edişine haýran galypdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.