SEKIZ ZAT

     Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin, agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt geçýändigi täsin, ýöne ynsanyň muňa asla ähmiýet bermeýändigi, gapyl galýandygy has täsin. Kynçylykly günlerde sabyr etmek agyr, emma ondan gazanjak sogabyňy zeýrenç arkaly ýele gidermek, ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma, duýup bilýän adam üçin, olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

KÄKILIGIŇ GÜWÄLIGI

Indiki makala

ÖZÜŇI BARLAMAK

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3513 okalan

«ALMANY GÖGE ZYŇ...»

25 Noýabr 2024 | 1537 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 7107 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA