Kiçijik oglanlaryň biri bazaryň gaýra gyrasyndaky awtomat telefonlaryň ýanyna barypdyr. Heniz boýy ýeterden ir bolandygy üçin, şol ýerdäki sandyjagy telefon trubkasynyň aşagyna süýşüripdir. Sandygyň üstüne münüp, telefon trubkasyny alypdyr we san düwmelerini basyp, gerekli belgisini aýlapdyr. Telefonlara seredýän adam bu oglanjygyň özüni alyp barşyna syny oturypdyr. Olaryň näme gürleşýändiklerini bilmek isläpdir. Telefon trubkasyny gulagyna ýetiren oglanjyk: «Garry ene, men size işe durmak isleýärin, belki-de bagyňyzdaky otlary orup bererdim» diýipdir. Emma aňyrdan ýaňlanan zenan sesi oglanjygyň bu islegini ret edipdir: «Sag bol, balam. Bizde bagymyzyň otuny orup berýän bir oglanjyk bar» diýipdir. «Ýöne, maňa şoňa töleýän hakyňyzyň ýarpysyny töleseňiz hem razy bolardym» diýip, oglanjyk per bermän, erjellik bilen sözüni dowam edipdir. Aňyrdan gürleýän zenan bu gezegem şol oglanjygyň edýän işlerinden, hyzmatyndan hoşaldygyny, onuň ornuny başga biri bilen çalyşmak hyýallarynyň ýokdugyny mälim edipdir. Oglanjyk hem yza tesmändir: «Men howlyňyzyň daş-töweregini, ýanýodalaryny, öýüň öňündäki teläriňizi hem arassalaryn. Siziň öýüňiz şäherdäki iň owadan bag-bakjaly, owadan howly bolar» diýip, ähli başarnygyny we başaryp biljek zatlaryny aýdyp ýetişipdir. Emma zenan maşgala ýene bir ýola bu oglanjygyň teklibini ret edipdir. Oglanjyk uludan dem alyp, özünden hoşallyk bilen şadyýan ýylgyrypdyr-da, telefon trubkasyny ýerinde goýupdyr. Bu gürrüňdeşligi ýakyndan diňläp oturan telefon eýesi oglanjygyň janaýamazaklygyna, hümmet-gaýratyna, zähmetden gaçmaýan isleg-höwesine seredip: «Han ogul, saňa göwnüm ýetdi. Isleseň, men seni öz howlymyzda işlemäge çagyryp bilerin» diýipdir. Oglanjyk: «Teklibiňize sag boluň ýaşuly, men diňe öz hojaýynymyň meniň edýän işlerimden razy ýa-da hoşal däldigini barlamak, bilmek üçin şeýtdim. Ýaňky zenanyň öýünde işleýän oglan meniň özüm» diýip jogap beripdir. Käteler biz özümizi barlap, synap, daşyndan synlap durmaly. Bärden gaýdýan ýerimiz ýa-da egrelen ýolumyz bar bolsa, düzetmeli. Özgeleriň edýän işimizden hoşallygyna seredip, ynsabymyzy ynjaldyryp durmaly. Bu hem özüňi tanamagyň we taplap durmagyň bir ýoly.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.