ÝOLLARYŇ ASUDALYGY, ÖMÜRLERIŇ RAHATLYGY UGRUNDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriň sany barha artýar. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär.

     Şeýle çäreleriň biri-de düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Gorjaw etrap Prokuraturasynyň, Kärizek etrabynyň Kazyýetiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri hem-de mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.

     Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen indi 11 ýyl bäri geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, giň we şaýollary emele getirmek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirkizaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen «akylly köçeleriň» ornaşdyrylmagy ýol hereketiniň maglumat bilen üpjün edilmegine, howpsuzlygyna we netijeliligine, şeýle hem oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň has oňaýly özara hereketlerine ýardam berýär.

     Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherimiziň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ekologik ülňülerine laýyk gelýän hem-de sanly tehnologiýalar esasynda işleýän şäher ulaglary, täze elektrobuslar, elektrotaksiler hyzmat edýär. Şäherdäki «akylly» awtoduralgalaryň işine häzirki zaman ýörite ulag-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly gözegçilik amala aşyrylýar. Bu bolsa, ulag üçin boş ýerleri dessin tapmaga hem-de awtoduralgalaryň işini düzgünleşdirmäge ýardam berýär. Ýurdumyzda ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşmagy, ulaglaryň sanynyň artmagy netijesinde ýol howpsuzlygynyň üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem möhüm wezipe hökmünde öňe çykýar. Elbetde şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak we döwlet syýasatymyza işjeň gatnaşmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY