Şeýle şygar astynda, düýn Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endikleri aradan aýyrmakda, ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde durýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bu çärede çykyşlara giň orun berildi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň döwrebap ösüşüniň üpjün edilýändigi, halkymyzyň baky bagtyýarlygy ugrunda hukuk we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.