NESILLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI ÜÇIN

     Şu günler uly badalga eýe bolan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatly» atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary, düşündiriş işleri giň gerime eýe bolýar. Arkadag şäherinde geçirilýän çäreler hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.

     Şeýle çäreleriň biri-de, öňňin, Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde okuwçylaryň ak mekdeplerde, ýollarda we köçelerde tertip-düzgüni saklamagy, ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almagy üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, Watanymyza, il-günümize mynasyp nesiller bolup ýetişmegi üçin gymmatly maslahatlary berdiler.

 

Ahmet GYŞYKOW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 110 okalan

BILIM — GELJEGIŇ ÝOLY

04 Sentýabr 2025 | 76 okalan

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY UGRUNDA

04 Sentýabr 2025 | 78 okalan

BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI