Sagdynlyk — ruhubelentlik

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baýlygydyr. Şonuň üçin hem jemgyýetimizde sagdynlyk, ruhubelentlik we bagtyýarlyk düşünjeleri giňden ornap, buýsançly kalplara şatlyk eçilýär.

Adamyň durmuşda hereketde bolmagy myşsalaryň sazlaşykly işjeňligini artdyrýar. Bu günki gün ýurdumyzda gurlan döwrebap sport toplumlarynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki saglyk ynsanyň başynyň täjidir.

Dowamly akyl zähmetiniň netijesinde skelet myşsalarynyň erkiňe bagly däl gysgalýandygy tejribe arkaly subut edildi. Ol bolsa gabyk asty nerw gurluşlarynyň energiýa bilen üpjün edilmegine ýardam berýär. Bu gurluşlar öz gezeginde aňa bagly hereketleri sazlaýar, uly ýarym şarlarynyň gabygyny işjeňleşdirýär. Şol sebäpli myşsa ulgamyny «kelle beýnisiniň işjeňligini sazlaýjy» diýip atlandyrýarlar.

Hakykatdan hem, akyl zähmeti wagtynda adamyň ýüzüniň myşsalary dartgynlylyk ýagdaýynda bolýar we ol ýatkeşligiň hem-de ünsüň jemlenmegine getirýär. Muňa garamazdan, dowamly we güýçli myşsa dartgynlylygy kelle beýnisiniň işjeňliginiň peselmegine getirýär. Şol sebäpli, akyl zähmeti wagtynda aram-aram myşsalary gowşatmak ýerliklidir. Alnan netijeler akyl işjeňligini ýokarlandyrmakda myşsa ulgamynyň wezipesini aýdyňlaşdyrýar. Myşsa ulgamyň hereket işjeňligi — saglygy berkitmek we ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak üçin wajyp şert bolup durýar.

Gipokineziýa bedeniň immun ulgamynyň durnuklylygyny hem peseltmek bilen, öýjükleriň öwezine dolmak mümkinçiliklerini gowşadýar. Alymlaryň pikirine görä, bu fiziologiki funksiýalaryň bozulmagyna getirýän görkezijidir. Gipokineziýanyň ýokarda agzalan ýaramaz täsirleri adam bedeni üçin hereket işjeňliginiň zerurdygyna şaýatlyk edýär. Fiziki maşklar bilen yzygiderli meşgullanmak, ol zyýanly hadysalaryň ýüze çykmak mümkinçiliklerini pes derejesine getirýändir.

Berkarar döwletimizde adam hakdaky aladany esasy orunda goýýan Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Oguljemal KAZAKOWA,

TDLU-nyň keselleriň öňüni alyş fakultetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

21.02.2017ý.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 54 okalan

ÝAŞLAR – MIRASYŇ DOWAMY

20 Noýabr 2025 | 143 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

19 Noýabr 2025 | 47 okalan

WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR