Bitaraplyk — beýik dereje

 Dost-doganlygyň, agzybirligiň mekany bolan Türkmenistan dünýä döwletleriniň ençemesi bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar, maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 Berkarar Watanymyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Ol köptaraply daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmekde örän peýdaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energetika howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarymyz hem-de tekliplerimiz bütin dünýäde giň goldaw tapdy

 Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71- nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryny goldaýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi umumadamzat ähmiýetlidir. Bu buýsandyryjy taryhy waka bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyny görkezýär. Bu bolsa türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine, köp asyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine hem-de medeni däplerine esaslanýar.

 Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz daşary syýasatynyň binýatlyk esasy edip goýýandygyny hemişe iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite Kararnamany — ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini tassyklan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi hemişelik Bitaraplyk derejämizi has-da berkitdi. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty diňe milli bähbitlere däl-de, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi.

 Türkmenistan dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen özara işjeň gatnaşyklary has-da ösdürýär. Nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, soňky ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe iri gazeksport taslamalaryny üstünlikli amala aşyrdy.

 Sebitiň ykdysady ösüşine depgin bermäge, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar edilmegine, durmuş meseleleriniň çözülmegine ýardam etmäge gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy durmuşa geçirilip başlandy. Bu gün ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösmegi üçin halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek hakynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan başlangyçlar hem aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy. Häzirki zaman şertlerinde ýaýbaňlandyrylan degişli multimodal düzümleriň bolmagy dünýä möçberinde oňyn işleri höweslendirmegiň aýrylmaz bölegidir hem-de ýurdumyz bu ulgamda öňde duran wezipeleriň çözülmegine mynasyp goşant goşýar.

 Türkmenistan tarapyndan başy başlanýan halkara taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, köp babatda hut hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesi bilen şertlenendir. 12-nji fewral Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmek bilen, indi bu baýramçylyk bütin dünýäde belleniler. Ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini belende göterýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sülgün NEPESOWA,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary

  institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

23.02.2017ý.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 54 okalan

ÝAŞLAR – MIRASYŇ DOWAMY

20 Noýabr 2025 | 143 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

19 Noýabr 2025 | 47 okalan

WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR