Ýakynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda “A” derejeli sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty» diýen XXI halkara ýaryşda türkmen türgenleri — Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgenleriniň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny ýene bir gezek belende göterdi.
Halkara ýaryşda ýeňiji bolan türgenlerimiziň ýürek buýsanjy :
Gülbadam BABAMURATOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, halkara derejeli sport ussady, altyn medalyň eýesi:
— Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň Sport köşgünde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda «A» derejeli «Sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty» diýen XXI halkara ýaryşyna gatnaşyp, altyn medala eýe boldum. Bu halkara ýaryşa dünýäniň 16 döwletinden 200-den gowrak türgenler gatnaşdy. Ýaryşyň final duşuşygynda belarusly dünýä çempiony Marina Žarskanany ýeňmegi başardym.
Meniň bu ýeňşim sporta bolan höwesimi has-da artdyrdy. Men diňe sambo boýunça däl-de, dzýudo we guşakly göreş boýunça hem halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledim. 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynda altyn medala, 2015 — 2016-njy ýyllarda dzýu-do göreşi boýunça Gran-pri ýaryşlarynda altyn medallara eýe boldum. Şular ýaly halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýeňiji bolmagyma Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Çemengül Geldibaýewa uly ýardam berdi.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýäris. Bu halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň biz — ýaş türgenler barada edýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Tejen TEJENOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň esgeri, halkara derejeli sport ussady, altyn medalyň eýesi:
— Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde Minsk şäherinde geçirilen «Sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty» diýen XXI halkara ýaryşyna gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Ýaryşyň final tapgyrynda Gruziýadan gelen türgenleri ýeňip, altyn medalyň eýesi boldum. Türgenleşikde toplan tejribämiz bize ýaryşda ýeňiji bolmaga uly ýardam berdi.
Bu ýaryşyň dowamynda daşary ýurtlardan gelen türgenler bilen söhbetdeş boldum. Olar biziň ýurdumyzda geçirilen Sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşandyklaryny, şeýle-de halkymyzyň myhmansöýer halkdygyny uly buýsanç bilen aýtmaklary meni has-da begendirdi. Daşary ýurtly raýatlardan öz Watanyň hakynda ýakymly gürrüňleri eşitmek her bir adam üçin uly bagt.
Sambonyň inçe tilsimlerini öwreden kakam Dörtguly Tejenow. Sportdaky ýeňiş ýolum hakda aýtsam, 2012-nji ýylda Daşkent şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala, 2016- njy ýylda Bolgariýada Sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala, şol ýyl paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda altyn medala eýe boldum.
Biz — türgenlere şular ýaly halkara ýaryşlara gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Ruşana NURJAWOWA,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady, altyn medalyň eýesi:
— Men sportuň sambo we söweş sambosy bilen köp ýyllardan bäri meşgullanýaryn. Bu sporty saýlap almagyma Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Çemengül Geldibaýewa uly itergi berdi. 2011 — 2012-nji ýyllarda Daşkent şäherinde geçirilen dünýä çempionatlarynda altyn medallary, 2012-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynda kümüş medaly gazandym. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen «Sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty» diýen XXI halkara ýaryşynda rumyniýaly, iki belarusly türgenleri ýeňip, altyn medala eýe bolmak bagty miýesser etdi.
Şular ýaly halkara ýaryşlara gatnaşmagymyz biziň üçin uly tejribe bolup durýar. Şu ýyl, ýagny Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak hem-de onda ýeňiş gazanmak — her bir türgeniň arzuwy. Nesip bolsa, bu iri yklym ýaryşynda özümiziň toplan tejribämizi görkezip, baýrakly orunlara eýe bolup, ýaşyl tugumyzy belende götereris. Biz — türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrýan Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Taýýarlan Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara
gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
23.02.2017ý.












