Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär, raýatlarymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagyna aýratyn uly üns berilýär.
Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ählitaraplaýyn taýýarlyk işleri görülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda üstünlikli geçirilen halkara sport ýaryşlarynyň şowly geçirilmeginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen meýletinçi-ýardamçylar hem mynasyp goşant goşdular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän Meýletinçilik merkezlerinden seçilip alnan talyp ýaşlar Watanymyza gelen daşary ýurtly wekiliýetleri, türgenleri, myhmanlary Aşgabat Halkara howa menzilinden garşylamakdan başlap, olary boljak myhmanhanalaryna ýerleşdirmek, oýunlaryň geçiriljek ýerleri bilen tanyşdyrmak, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat etmek ýaly işlerde ýakyndan ýardam berdiler. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetinde hasaba alnan meýletinçiler dürli ugurlar boýunça degişli işleri alyp bardylar.
Daşary ýurtly wekiliýetleriň ýanynda terjimeçilik etmek, resminamalar bilen işlemek, oýunlaryň geçirilýän desgalarynda utgaşykly işleri ýola goýmak, ýeňiji bolan türgenleri ýokary derejede sylaglamak, oýunlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly giň köpçüligine ýetirmek ýaly işlerde meýletinçiler öz dil bilimlerini has-da kämilleşdirdiler. Meýletinçi talyplar diňe bir öz ýurdumyzda geçirilen iri sport ýaryşlarynda däl, eýsem dünýäniň birnäçe döwletlerinde geçirilen ýokary derejeli halkara ýaryşlaryna hem meýletinçi hökmünde gatnaşyp, dünýä tejribesi bilen ýakyndan tanyş boldular. Paýtagtymyzda agyr atletika, suwda ýüzmek we kikboksing boýunça ýakyn günlerde geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara synag ýaryşlarynda hem meýletinçi ýaşlarymyz ýakyndan ýardam bererler hem-de taryhy sport wakalary bilen ýakyndan tanyş bolarlar.
«Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary bilen geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi hem-de tumary aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki her bir geçirilýän iri halkara sport ýaryşlary resmi keşbi, tumary bilen adamlaryň hakydasynda galýar. Milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän bu nyşanlar her bir adamyň aňynda we kalbynda müdimilik galar.
Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport diplomatiýasyny bütin dünýäde has-da dabaralandyrar. Dünýäniň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «V Aziýa oýunlaryny geçirmäge iň mynasyp şäher» diýip ýokary baha berilýän paýtagtymyz Aşgabat bu iri halkara sport ýaryşyny ýokary derejede garşy alar we dünýä sportunyň şöhratly taryhynda mynasyp ornuny tapar.
Türkmen sportuny ýokary derejede ösdürýän, dünýä döwletleri bilen dostlukly we parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary berkidýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýgül RAHYMOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, meýletinçi.
“Nesil” gazeti,
11.03.2017ý.