Ýakynda türkmen türgenlerimiz Tailandyň paýtagtynda geçirilen sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşynda hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda üstünlikli çykyş edip, jemi 44 medala mynasyp boldular. Bu halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji orny eýeledi. Şol ýaryşda ýeňiji bolan türgen gyzymyz Gülbahar Madreýimowa bilen söhbetdeş bolduk. Ol biziň sowalymyza şeýle jogap berdi:
— Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek giň gerime eýe boldy. Şonuň netijesinde soňky ýyllarda türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşlerinde uly üstünlikleri gazanmagy aýratyn guwandyrýar.
Tailandyň paýtagtynda geçirilen sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşyna gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu halkara ýaryşa Malaýziýadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Tunisden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan gelen ezber türgenler gatnaşdylar.
Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça tutluşmak hem-de görkezme çykyşlaryň “ne-waza” we “duo” diýen ugurlar boýunça geçirildi. Men «ne-waza» görnüşi bilen çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldum. Halkara ýaryşda iki sany tailandly, şeýle-de öz ildeşim Dinara Jumadurdyýewa bilen tutluşyp, hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardym. Her bir türgeniň ýeke-täk arzuwy öz ýurdunyň Döwlet baýdagyny belentde parlatmakdyr...
Sport ulgamyna gelmegime kakam ýakyndan ýardam berdi. Soňra ýaş Olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine gatnap başladym. Ol ýerde maňa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Omar Muhammetnazarow sportuň jiu-jitsu görnüşiniň inçe tilsimlerini, ulanylmaly fiziki hereketlerini içgin öwretdi. Bu bolsa meniň sporta bolan höwesimi has-da artdyrdy. 2016-njy ýylda Şri-Lanka döwletinde geçirilen Aziýa çempionatynda ikinji orny eýeledim. Şol ýyl Diýarymyzda sportuň jiu-jitsu boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldum. Şular ýaly halkara ýaryşlardaky ýeňişlerim meniň sporta bolan höwesimi has-da artdyrýar.
Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar Diýarymyzda ilkinji gezek geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna türkmen türgenleri uly taýýarlyk görýärler. Ýurdumyzyň sport ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerimiz bize Aziada — 2017-niň oýunlarynda ýeňiş gazanmaga bolan höwesimizi has-da artdyrýar. Sportda ýeňiş gazanmak bolsa biziň baş maksadymyzdyr.
Nesip bolsa, bu halkara ýaryşda uly üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götereris. Biz — türgenlere şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!
Taýýarlan Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, meýletinçi.
“Nesil” gazeti,
28.03.2017ý.