Döwrebap energetika desgalary

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, elektrik energetikasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir.

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň medeni, durmuş pudagy bilen bir hatarda maddy pudagyny ösdürmek boýunça hem birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Halk hojalygynda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertler döredilip, birnäçe konsepsiýalar, maksatnamalar kabul edilýär. Şolaryň içinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere eýe bolýan ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri, ýagny biziň ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň geljekde zähmet çekjek pudagy bolan elektroenergetika pudagydyr.

Ýaşaýşy, ykdysadyýeti, önümçiligi elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýörite elektroenergetika pudagyny ösdürmek baradaky konsepsiýa kabul edildi. Bu konsepsiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik desgalary, gaz-turbina elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri yzygiderli gurulýar.

Türkmenistan tebigy gymmatlyklara baý bolan kuwwatly döwletdir. Kuýaş nuruny eçilýän eşret mekany bu gün dünýä derejeli iň döwrebap energiýa desgalary, elektrik stansiýalary bilen tapawutlanýar. Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda gurluşygy göz öňünde tutulýan Mary elektrik stansiýasy 4 sany gaz turbinalaryny, 2 sany bug turbinalaryny, 4 sany bug gazanlaryny we kömekçi enjamlaryny özünde jemlär. Şeýle hem öndüriljek elektrik energiýasy Türkmenistanyň bitewi elektrik ulgamyna berler. Utgaşykly görnüşde işleýän elektrik stansiýalarda elektrik energiýasy gaz turbina generator we bug turbina generator ulgamlary arkaly öndüriler.

Bug gaz utgaşykly ulgamda ýangyjyň ulanylmagynyň netijesinde emele gelýän gazlar ilki esasy gaz turbinasyny herekete getirýär, soňra gaýtadan işleýän ýörite bug gazanyna ýygnalýar, bu ýerde suwy gyzdyryp, buga öwürýärler. Bu bolsa güýçli basyş astynda bug turbina geçirilýär we ony aýlap başlaýar. Şeýlelikde, tok generatory hem bug generatory bilelikde herekete gelýär. Mundan başga-da ýangyç hökmünde peýdalanylýan tebigy gazyň sarp edilişi ep-esli azalar. Bug gaz elektrik stansiýasynyň diňe bir ykdysady tarapdan däl-de, eýsem ekologiýa babatynda-da netijelidir. Sebäbi önümleriň ýanmagy netijesinde daşky gurşawa goýberilýän galyndylaryň kömürturşy gazynyň mukdary iki, üç esse azalar.

Häzirki zaman energetika ulgamyny kemala getirmek tutuşlygyna halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda dünýä tejribesi ulanylýar. Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça Türkmenistan iň baý döwletleriň biridir. Netijede Türkmenistanyň energetika senagaty birsydyrgyn ösüşiň ýokary depginlerini görkezýär we dünýä bazarlaryna uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligini artdyrmaga ukyplydyr.

Häzirki günlerde utgaşykly görnüşde işlejek Mary elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Halkyny röwşen ertirlere atarýan hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer sahawaty bilen gurulýan bu täze tehnologiýaly elektrik stansiýasy geljekde abadançylyga, adamlaryň bagtyýar ýaşamagyna, talyp ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine, elektroenergetika pudagynyň ösüp, ykdysadyýetimiziň ýokarlanmagyna uly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrýan giň möçberli işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin uly bagtdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagyny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Abdy ABDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

23.05.2017ý.

Öňki makala

Ruhy sütün

Indiki makala

Eý, mekdebim...

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 820 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 248 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL