MEDENIÝETIŇ SARPASY

Biziň ýaşaýşymyz medeniýet bilen bagly bolup, her bir pursadymyz şatlyk-şowhuna beslenýär, gündelik durmuş adatlarymyz bolsa medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Hut şu jähetden hem Arkadag Prezidentimiz medeniýet ulgamyna aýratyn üns berýär.

Ýurdumyzda gurulýan döwrebap kitaphanalar, muzeýler, medeni merkezler, medeni-durmuş maksatly binalar has köpelýär, bu bolsa Watanymyzyň keşbini şeýle-de ýaşaýyş-durmuş derejesini özgerdýär. Şunuň ýaly gurluşyklaryň geriminiň giňelmegi olarda çäreleriň täsirli guralmagyna mümkinçilik berýär. Mähriban Arkadagymyz halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmek, dünýäde parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmak maksatlaryndan ugur alýandygyny belleýär.

Diýarymyzyň milli medeniýetiniň ösüş depginleri barha rowaçlanýar. Medeniýet we sungat işgärlerimiziň eziz Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, bu ajaýyp zamanany, belent mertebeli Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk bagtyny wasp edýän joşgunly çykyşlary her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar, watançylyk duýgymyzy has-da artdyrýar.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen aragatnaşygy barha ösýär. Daşary döwletlerde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa bu ugurda gazanan üstünliklerimizi has aýdyň ýüze çykarýar, şeýle-de milli sungatymyzy äleme ýaýmak bilen, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz milli medeniýetimiziň ösmegine medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň uludygyny nygtamak bilen, şeýle diýýär: «Biz geçmişde ajaýyp eserleri döreden beýik akyldarlarymyza, häzirki döwürde döredijilik işi bilen meşgullanyp gelýän, ilhalar we kämil eserleri döredýän, halkymyzyň dünýägaraýşynyň ösmegine öz täsirini ýetirýän we uly goşant goşýan, kabul edilen iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge galkyndyrýan zehinli edebiýatçylaryň, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris we olara örän uly hormat goýýarys»

Häzirki wagtda medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda gurulýan täze medeniýet ojaklary, medeniýet merkezleri, medeniýet öýleri, sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Bularda okaýan, zähmet çekýän döredijilik adamlary has-da yhlasly zähmet çekip, Watan kuwwatyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Halkymyz teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, tomaşa zallarynda görkezilýän eserleri synlap, ruhy lezzet alýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goýulýan her bir sahna eserinde halkyň taryhy geçmişi, bagtyýar durmuşy beýan edilýär.

Halkymyzyň toý-baýramlary medeni-köpçülik çäreleri bilen bellenilip geçilýär. Medeniýet we sungat işgärleri toýlary toýlara ulaşýan ülkämiziň her bir şanly senesini, her bir buýsançly pursatlaryny şahandazlyga besläp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrýarlar.

Her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni ýokary derejede bellenilýär. Şeýle-de şol sene bilen birlikde Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip parasatly belläp geçýär. Biz — türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň beýik watansöýüjilik mekdebine eýermek biz — ýaşlar üçin mertebe hem mukaddes parzdyr.

Biz dünýäde iň ajaýyp hem şöhratly medeniýetimiziň bardygyna we ony bu günki günde äleme ykrar eden Arkadag Prezidentimize buýsanýarys we guwanýarys

Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,

 Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

“Nesil” gazeti,

22.06.2017ý.

 

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 151 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 32 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 332 okalan

ARMYT BARADA