ÝAŞ NESLIŇ ROWAÇ GELJEGI UGRUNDA

  Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyny has-da dabaralandyrmak babatdaky tagallalar Ýaşlar guramasynyň işine uly goltgy bolup durýar. Ynha, 2017-nji ýylyň 16-njy maýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Konstitusiýamyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasy-ösüşiň hukuk binýady» atly halkara ylmy amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu halkara ylmy-amaly maslahata ilkinji gezek ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem gatnaşdyryldy. Maslahatyň dördünji bölümi «Jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki döwründe döwletiň ýaşlar syýasatyny amala aşyrmagyň konstitusion-hukuk kepillikleri» diýlip atlandyryldy. 

 Ýaş nesli hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmäge, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge ýardam berýän milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, çaga doglanda tölenýän kömek pullary, eneler üçin döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan ýeňillikler, ähli amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda çagalar üçin meýdançalaryň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, «Ertekiler dünýäsi» dynç alyş merkeziniň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Köpetdagyň etegindäki Janly tebigatyň milli muzeýiniň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp açylan «Aşgabat» seýilgähinde çagalaryň dürli oýunlary oýnap, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin döwrebap oýun meýdançalarynyň gurulmagy, öňki bar bolanlarynyň bolsa durkunyň täzelenilmegi, döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, sport desgalarynyň gurulmagy, Gökdere we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň döredilmegi ýurdumyzda çagalaryň sagdyn, şadyýan ösmegi, çaga hukuklarynyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.    

Häzirki döwürde çaga hukuklary dünýä möçberinde, halkara derejede hem dabaralanýar. Ynha, 1959-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çagalaryň hukugynyň Jarnamasyny alyp göreliň. Onda ene-atalar, döwlet we ýerli häkimiýet edaralary, hökümete degişli bolmadyk guramalar onuň maddalarynda beýan edilen çaga hukuklarynyň we erkinliginiň ykrar edilmegi üçin tagalla etmäge çagyrylýar. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etdi. Oňa 61 döwlet gol çekdi. Bu Konwensiýa BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) işiniň maksatnamalaýyn resminamasy bolup durýar.  Bu Konwensiýa 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda çagalary goramak we olaryň hukuklaryny kepillendirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän hem-de özüniň kiçi ýaşly raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan hem goşuldy. Şol ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Aşgabatda öz wekilhanasyny açmagy bolsa şeýle belent maksatly hereketleriň beren oňyn netijesidir. BMG-niň (EKOSOS) şu ýylyň 19-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy hem döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi netijesinde halkara abraýynyň ykrarnamasydyr.             

Ýakynda ýurdumyzda saparda bolan BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ösdürmek, energetika howpsuzlygy hem-de durnukly energetika babatda hyzmatdaşlyk, Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, ekologiýa ýaly köp sanly wajyp meseleler boýunça özara pikir alşyldy.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem  Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen 2010-2015-nji we 2016-2020-nji ýyllar aralygynda baglaşylan şertnamalar esasynda hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş  geňeşi (EKOSOS) tarapyndan «Ösüşiň müňýyllyk maksatlaryndan Durnukly  ösüşiň  maksatlaryna geçiş işine ýaşlaryň çekilmegi» atly Halkara ýaşlar forumy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Şol ýylyň 19-njy awgustynda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary we BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň çagyrmagy bilen 2016-njy ýylyň 29-31-nji marty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde geçirilen okuw maslahatyna, 2016-njy ýylyň aprel aýynda Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan «Ilat we ösüş üçin ýaş liderler» atly halkara maslahatyna, 2017-nji ýylyň 30-31-nji ýanwary aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň  Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS) tarapyndan guralan «Özgerýän dünýäde garyplygy ýok etmek we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda ýaşlaryň orny» atly Halkara ýaşlar forumyna, 2017-nji ýylyň 23-25-nji maýy aralygynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) çagyrmagy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleriniň dünýä howpsuzlygy we ýaşlaryň meseleleri boýunça halkara maslahatyna ýaşlarymyz işjeň gatnaşdylar. Şulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi umumadamzat meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen köp sanly halkara derejeli tagallalara işjeň goşulyşýarlar.

Bu gün adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Esasy Kanunymyzyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesiller üçin oňaýly durmuş şertleri yzygiderli döredilýär. Ýurdumyzda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Türkmenistanyň Konstitutiýasynyň 40-njy, 54-nji maddalary ýörite şu meselelere bagyşlanylan. Bu babatda döwrebap kanunlaryň hem birnäçesi hereket edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adam hukuklaryna degişli halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň esasy düzgünleriniň ählisini diýen ýaly özünde jemleýändigi bolsa bellärlikli ýagdaý.                 

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda –Aşgabat şäherinde hem-de Mary şäherinde «Ýaşlar» merkezleri döredildi. Şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şeýle merkezleri-de döretmek meýilleşdirilýär. «Ýaşlar» merkezinde ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesi barada maslahatlary bermek, meýletinçileri taýýarlamak, «Deňme-deňlik» usullaryny okatmak, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bu merkeze 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlar we ýetginjekler meýletin, tölegsiz esasda gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ýaramaz endiklerden daşda durup, ahlak taýdan arassa bolmaklaryny gazanmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda –Aşgabat şäherinde hem-de Mary şäherinde «Ýaşlar» merkezlerinde 2010-2015-nji we 2016-2020-nji ýyllar aralygynda baglaşylan şertnamalar esasynda her ýyl ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesi barada maslahat duşuşyklary (trening) guralýar. Şeýle-de her çärýekde 20 adam, ýylyň dowamynda jemi 80 adam üçin okuwdan daşary dynç alyş döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän meýletinçileri taýynlamak üçin meýletin, tölegsiz okuwlar guralýar. Bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrundaky tagallalaryndan gözbaş alýar. Ata-babalarymyzyň «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýip aýdan parasatly sözlerinden ugur alyp, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda ählitaraplaýyn alada edýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.  

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

 Soltangeldi Babaýew.

"Türkmenistan" gazeti,

05.07.2017ý.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 163 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 54 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 334 okalan

ARMYT BARADA