Üstümizdäki ýylyň diňe bir sebitdäki däl, eýsem dünýädäki iň uly sport bäsleşiginiň birine öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna juda az wagt galdy. Wagt bizi bu beýik dabara indi sagatsaýyn ýakynlaşdyrýar.
Milli Liderimiziň ak pata bermeginde gadymy Parfiýa topraklaryndan bat alan on ýedi sany atly ýigidiň ýola düşeni ýaňy ýalydy. Eýýäm mukaddes türkmen topragynyň belent-pesini, deňiz-derýalaryny, sähra-düzlerini, dag-derelerini, gadymy ýadygärlikleriň, tebigy täsinlikleriň ýerleşýän ýerlerini gezim-syýahat edip, «Aşgabat 2017-niň» belent ruhuny gursaklara ýaýýan merdana gerçekler gadymy Marguş topragynda dabaraly taryhy wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.
Seleň-sähralygyň goýnunda dikilen türkmeniň ak öýleri şöhratly halkymyzyň şowhunly durmuş akabasyny janlandyrýardy. Milli nagyş sünnälenen owadan lybasly çagalaryň oýunlary, olaryň göwünlere şatlyk paýlaýan gülküli sesleri, her ýerde hatar-hatar bugaryp duran toý gazanlary, milli hünärmentçiligiň nepis önümleri, Gündogar bazarynyň gözüňi dokundyrýan naz-nygmatlary, mahlasy, Hydyr gezen bu sähralyklar adaty we ajaýyp türkmen durmuşy bilen gurşalypdy. Heňňamyň gatlaryndan şu günlerimize gelip ýeten we täzeçe röwüş tapan gadymy oguz-türkmen owazlary geçmiş bilen geljegiň arasyny sazlaşdyryp duran, şeýle hem türkmen ruhunyň beýikliginden habar berýän, türkmen halkynyň beýik geljeginiň bardygyny buşlaýan köňül nagmalarydy. Toý-dabarasyna tomaşa edip otyrkaň, her ädimde milliligiň öwüşginlerini, ýaňyny duýmak bolýar. Oguz-türkmen dessuryna laýyklykda ýaý çekmek döwletliligiň alamaty hasaplanýar. Alaw ýakylyş dabarasynda hem täsin ahwalat türkmen halkynyň Asman-Zemin, tebigat bilen özara sazlaşygyň, düşünişmegiň içinde ýaşaýandygyny alamatlandyrýar. Mergen ýigidiň asmana — Güne tarap gönükdiren peýkamy mawy asmanda nur saçyp duran Gün şöhlelerinden ot alyp, Asmandan ýere inişine ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär. Ojakdaky ojar alawlanýar. Oguz ojagynda lowurdap ýanýan ataşdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar.
Bir toý-dabarasynyň mysalynda türkmen halkynyň çuňňur durmuş pelsepesiniň açylyp görkezilmegi juda täsirli. Halkymyz öý, ojak, ot ýaly zatlara aýratyn uly ähmiýet berýär. Bulary mukaddes zatlar hökmünde görýär. Döwletlilik, bagtyýarlyk öý-ojak ýa-da öý ojagynyň alawy bilen göz öňüne getirilýär. Ojak ody ömre we ömrüň dowamatyna ýorulýar. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawynyň gadymy Marguş topragynda ýakylmagynyň aýratyn manysy bar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, gadymy Marguş topragynda Güne, alawa aýratyn hormat-tagzym bilen bakypdyrlar. Öň bu ýerde Gün şekilinde gurlan öý ojagynyň bolandygy mälim. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze keşpde bina edilen bu ojakda alawyň peýda bolmagy — gadymy Oguz ojagynyň odunyň gaýtadan alawlap başlandygyny aňladýar. Bu türkmen halkynyň mukaddes ojagynyň dowamat dowamdygyny, milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine tarap ynamly barýan döwletimiziň berkarardygynyň, halkymyzyň bagtyýardygynyň subutnamasy bolup ýaňlanýar. Oguz ojagynyň alawynyň dünýä ýüzüne ýylylyk — mähir-muhabbet, dost-doganlyk ýaýjakdygynyň habary we beýik halkyň salamy bolup ýaňlanýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy berkarar türkmen döwletiniň dünýä ýüzüne ýollaýan dost-doganlyk salamy bolup ýaňlanar.
Gadymy Marguş topragynda ýakylan bu alaw gadymy Parfiýa topragynyň taryhy kaşaňlygyny gaýtadan kemala getiren gözel şäherimiz Aşgabada — 2017-nji ýylyň iň iri sport oýunlarynyň paýtagtyna tarap ugur aldy.
“Nesil” gazeti,
09.09.2017ý.