DÜNÝÄDE IŇ KÖP GÜRLENÝÄN DIL HAÝSY-KA?

Eýsem, dünýäde iň köp gürlenýän diller hakda pikir edip görüpmidiňiz? Köpüňiz derhal iňlis dili diýmegiňiz mümkin. Iňlis dili iň köp gürlenýän dil hökmünde görülýän hem bolsa, onuň sanawda yzrakdaky orunda durýandygy has-da haýran galdyrýar. Internet gözleglerim netije berdi we has täsin maglumatlaryň üstünden bardym. Dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň kerwenbaşysy hytaý dili hasaplanýan eken. Bu dilde ýer ýüzündäki adamlaryň altydan biri gürleýän eken. 2-nji we 3-nji orunlarda bolsa, degişlilikde hindi we ispan dilleriniň durýandygy has-da täsin. Biziň pikir edýän iňlis dilimiz bolsa, 4-nji orunda durýan eken. Arap dili bolsa, bu sanawyň yzyny düzýär. Bu dilde ýer ýüzüniň 315 million adamy gürleýär. Siz sanawda bengal diliniň bardygyna haýran galarsyňyz. Emma bu hakykat. Bu dil 6-njy orunda durýar. Rus dili bolsa, hat-da 7-nji orunda durýan portugal dilinden hem yzdaky orny eýeleýär. Umuman aýdanda, dünýä dilleriniň bu sanawy hemmämizi haýran galdyrsa gerek. Ýöne dünýä belli reýting hasaplaýan özbaşdak neşirleriň gelen netijeleri munuň hakykatdygyny ýüze çykarýar.

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

TÄSIN MIWELER

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 70 okalan

NEPIS TÜRKMEN HALYSY

25 Sentýabr 2025 | 156 okalan

HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

23 Sentýabr 2025 | 169 okalan

ABU ALY IBN SINA