WATAN GAHRYMANLARY ÝAŞLAR ÜÇIN NUSGADYR

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Watan Gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr” atly gezelenç geçirildi.

Gezelençde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ýaşulularyň hem-de tylda zähmet çeken zenanlaryň şan-şöhraty barada gürrüň berdiler. Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň gurnan sergisine, gymmatlyklaryna syn edip olar hakynda ençeme maglumatlary öwrendiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni

 

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 49 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 110 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 126 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI