AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Şatlyk şäheriniň 16-njy çagalar bagynyň  bilelikde guramagynda terbiýeçileriň, mugallymlaryň, körpejeleriň gatnaşmagynda “Biz — bagtyýar nesiller” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.

Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary täsirli pursatlara beslendi. Ýaňlanan aýdymdyr sazlarda, çeper okaýyşlarda asuda ýurdumyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi. Körpeleriň ýörite taýýarlan ajaýyp tanslary bolsa tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülüstan NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 68 okalan

MILLI NESIL — TERBIÝÄNIŇ ÖZENI

28 Oktýabr 2025 | 107 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

27 Oktýabr 2025 | 146 okalan

SAGDYN NESIL — EGSILMEZ GÜÝÇ