SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

Ýakynda Aşgabat Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenen «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça aýdym-sazly sport bäsleşigi geçirildi.

Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde labyzly okamakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, surat çekmekde, küşt oýnamakda, şeýle hem sport bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, şeýle hem bu çärä gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 41 okalan

ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

01 Sentýabr 2025 | 24 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

01 Sentýabr 2025 | 67 okalan

BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR