HALK GURJAK TEATRY ÇAGALARYŇKYDA

Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, çagalaryň boş wagtlaryny netijeli we peýdaly geçirmekleri, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Sapaly tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin gyzykly çäreler, gezelençler, bäsleşikler we konsertler guralýar.

Ýakynda şeýle çäreleriň biri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we şäher Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Arzuw» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen çärede çagalar «Ýartygulak» halk gurjak teatry tarapyndan guralan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Teatryň ussat artistleri gurjak gahrymanlarynyň kömegi bilen çagalara ýagşylyk we ynsanperwerlik, dostluk we wepalylyk, dogruçyllyk we watansöýüjilik barada gyzykly çykyşlary görkezdiler. Türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan oýun ýaşajyk tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda oýunlar guraldy, aýdym aýdylyp, tans edildi. Şol sanda belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden sorag-jogap alşyldy. Soraglara dogry jogap bermegi başaran çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 10 okalan

PUPPET THEATRE VISITING CHILDREN

17 Iýul 2025 | 136 okalan

FROM THE HISTORY OF AIR CONDITIONING