Mähriban Watanymyzyň ähli künjeginde gurlup ulanylmaga berlen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde häzirki wagtda körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümi ýokary ruhubelentlige, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň hakykatdanam şeýledigine bütindünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işlerem aýdyň şaýatlyk edýär.
Balkan welaýat häkimliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de bellenilen meýilnamalar esasynda netijeli işler alnyp barylýar. Merkezde Günbatar sebitiň etraplardyr şäherlerinden gelen çagalaryň her tapgyrda 100-si dynç alýar. Şeýle-de birek-birek bilen dostlaşan körpeler wagtlaryny diýseň şatlykly, peýdaly geçirýärler, saglyklaryny berkidýärler. Ösen enjamlar ornaşdyrylan gulluk, hojalyk, dynç alyş we kompýuter otaglary, kitaphana, naharhana, sport zallary bolsa çagalaryň hyzmatynda.
Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan seýilgähler, myhmanhanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri, medeni-sport we beýleki dynç alyş toplumlaram çagalaryň kalbyny has-da joşdurýar. Baý many-mazmuna beslenýän täsirli gezelençler çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Has takygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel, taryhy ýerlerinde, «Awaza» akwoparkynda, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählerinde, «Gämiler dünýäsi» muzeýinde gyzykly gezelençde bolýarlar. «Awaza» derýasyna, Hazaryň deňiz giňişliklerine guralýan gämili gezelençlerem özboluşlylygy, üýtgeşik ýakymydyr täsirleri bilen tapawutlanýar.
Kalplary şatlyk-buýsançdan püre-pür bolan körpeleriň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary goja Hazaryň kenaryna ýaň salýar. Mundan başga-da çagalar döredijilik çärelerinde goşgulary labyzly okamak, aýdym aýtmak, saz çalmak, tans etmek, sahnalarda dürli keşpleri janlandyrmak, surat çekmek boýunça özara bäsleşýärler. Merkezde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçirilýän medeni-sport çärelerem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar.
Ýakynda biz bu ýerde bolanymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy Umyt Baýhanow bilen duşuşyp, ondan merkezde geçirýän işleri hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik. Şonda ol:
– Biz diňe «Balkan» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde däl, eýsem, ýurdumyzyň sebitlerine degişli beýleki merkezlerde-de degişli çäreleri, wagyz-ündew işlerini gurap durýarys. Şeýle işleri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Awazadaky «Daýanç», «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde hem geçirýäris.
Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen ruhubelent çagalar bilen işleşmek has-da ýakymly. Olaryň arasynda merkeziň hünärmenleri, şeýle-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, sport edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde çäreleri yzygiderli guraýarys. Şeýle-de zehin, döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň, sport ýaryşlaryň, milli oýunlaryň dowamynda biz taryhy eýýamymyzyň zehinli, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän bagtyýar nesilleriniň kemala gelýändigine guwanýarys.
Arkadagly nesiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretlerine buýsanyp, dynç almak, okamak, öwrenmek, döretmek üçin döredip berlen hemme nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin çäksiz sag bolsunlaryny aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler -diýip, guwançly gürrüň berdi.
turkmenistan.gov.tm