«SAGDYN NESIL – RÖWŞEN GELJEGE BADALGA»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sagdyn nesil – röwşen geljege badalga» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça sport çäresi geçirildi.

Sport çäresine gatnaşan çagalar öz ukyp başarnyklaryny, zehinlerini görkezip wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirdiler. Çärä gatnaşan çagalaryň ählisine gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan körpe nesiller türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

Gülnara GURBANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

26 Iýul 2025 | 68 okalan

ÝAŞLAR HÜNÄR SAÝLAÝAR