DÜNÝÄ ÝAŇ SALJAK FORUM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miwelerini ýaşaýyş durmuşymyzyň ähli ugurlarynda görmek bolýar. Şeýle gysga döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen asyrlara barabar işler amal edilýär. Ata Watanymyz Türkmenistan dost-doganlygyň we parahatçylyk söýüji ýurt höküminde dünýä ýüzünde tanalýar.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 4-8-nji awgustynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň  taryhy ähmiýetini wagyz etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň gurnamagynda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýä ýaň saljak forum» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Çärede çykyş eden zenanlar, bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda guralyp, onuň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýandygyny, şunda köpugurly sergileriň, milli tagamlaryň, dostluk konsertleriniň guralmagynyň maslahatyň guramaçylyk derejesine we onuň medeni maksatnamasynyň taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn esasda halkara forumda garaljak meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň, oňa gatnaşýan ýurtlaryň durmuş ykdysady ösüşine, halkara derejesindäki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini uly buýsanç bilen bellediler.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar