SAGLYGA SYGNYP ÝAŞA

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saglygym baş baýlyk hasaplapdyr. Halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýşy nesilden–nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Irki döwürde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, saglyk–ynsanyň başynyň täji, emma ony adamlar diňe syrkawlan wagtlarynda görüp bilýärler diýen aýtdy bar. Şu nukdanazara esaslanyp, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, TDP–niň Esenguly etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna bagyşlanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen etrap hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Saglygym baş baýlygym» ady bilen wagyz–nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň başynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýandygyny, biziň ýurdumyzda bolsa adam saglygynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny nazara alyp, Bütindünýä saglyk gününiň özboluşly, millilige ýugrulan äheňlerde, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini, munuň özi bolsa ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramydygyny belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda halkymyzyň saglygy ugrunda irginsiz zähmeti sarp edýän,  hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

TEBIGAT GÖZELLIGI

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 16 okalan

SAGLYGA SYGNYP ÝAŞA

01 Awgust 2025 | 74 okalan

TEBIGAT GÖZELLIGI

31 Iýul 2025 | 223 okalan

SAGDYN ÝAŞLAR WATANYŇ DAÝANJY