Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda etrabyň 26-njy orta mekdebinde «Awaza Forumy: BMG ulgamyndaky sebitleýin başlangyç» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Ýokary guramaçylyk esasynda geçirilen bu maslahata etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler şu ýylyň awgust aýynyň 4–8 aralygynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýurtlaryň ykdysadyýetini güýçlendirmekdäki, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmekdäki, halkara we sebit söwda gatnaşyklaryny giňeltmekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.
Maslahata gatnaşanlar dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny belende götermekde edýän durmuşa geçirýän beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.