SAGDYN NESIL SAGDYN JEMGYÝET

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda tomusky dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak pursatlara beslemek maksady bilen «Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça aýdym-sazly sport bäsleşigi geçirildi.

Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde labyzly okamakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, surat çekmekde, küşt oýnamakda şeýle hem sport bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler hem-de bu çärä gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň işjeň agzasy

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 68 okalan

DÜZGÜNLERI BILMEK BIZIŇ BORJUMYZ!

26 Sentýabr 2025 | 55 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI