Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli «Tegelek stoluň» başynda giňişleýin söhbet edildi.
Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyşlarda häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatlaryň hem-de parlamentara forumynyň, raýat jemgyýetiniň forumynyň, ýaşlar forumynyň we beýleki geçirilen maslahatlaryň, sergileriň ähmiýeti barada giňişleýin çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi dost-doganlygyň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.