TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaş nesliň sagdyn ösmegine, ruhubelent hem-de giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar üçin her ýyl ýörite dynç alyş maksatnamalary taýýarlanylýar. Şol çäreleriň iň gözel we ýatda galyjy bölegi bolsa – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş möwsümi bolup durýar. Çagalar häzirki zaman şertlerine laýyk gelýän giň otagly ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilip, ýokary hilli iýmitler, saglyk hyzmatlary bilen doly üpjünçilik döredilýär. Şeýle-de olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny nazara alyp, Hazar deňziniň kenarynda gezelenç edip ertirki maşklaryny ýerine ýetirýärler.

Dynç alýan çagalar «Biz Watan buýsanjy – bagtly çagalar» atly temada surat çekdiler, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşip, medeni köpçülikleýin sazly çykyşlara, tans we aýdym bäsleşiklerine gatnaşyp wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirdiler.

Geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen dynç alyş döwründe çagalaryň ýaşaýyş-durmuşyna aýratyn üns bilen garalýar. Olar diňe bir wagtlaryny şat geçirmän, eýsem täze dostlary hem tapýarlar. Bu guralýan tomusky dynç alyş çäreleri, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň durmuşunda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky aladasynyň aýdyň netijesidir. Çagalar bolsa şeýle ajaýyp dynç alyş pursatlaryndan ruhlanýarlar, ylym-bilime, zähmete we Watana bolan söýgüni has-da atdyrýarlar. Çagalar hem şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 31 okalan

DÖWLETLI IŞLER – RUHUBELENT ÝAŞLAR

13 Awgust 2025 | 17 okalan

AHLAK PÄKLIGI

13 Awgust 2025 | 9 okalan

KITAP BILIMIŇ ÇEŞMESI