Türkmenistan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly – bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän söwda nokatlarynda mekdep bazarlary işleýär, bu ugurda ýöriteleşdirilen dükanlarda hem mekdep harytlarynyň birnäçe görnüşi alyjylara hödürlenýär. Ak mekdebiň bosagasyna ilkinji gezek ätlejek körpeleriň ene-atalary, täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän okuwçylar we talyp ýaşlar mekdep bazarlaryndan, zerur bolan okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Şeýle hem, ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp sowgadyň -öwrediji kompýuteriň gowşurylýandygyny bellemek gerek. Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il – ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünarmeni.