BITARAPLYK - BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Her bir güni bagta ýaran ýurdumyzda abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz “Parahatçylyk” şygaryny baýdak edinip bir maksada, çuň ynama uýup, döwrümiziň binýadynyň berkdigini subut edýär. Bu mizemez binýadyň iki esasy özeni bar, olar: Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz. Garaşsyzlyk bu biziň özygtyýarlygymyzdyr, göz-guwanjymyzdyr. Bitaraplyk bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Bitarap Türkmenistan” atly gymmatly eserinde belleýşi ýaly, biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilip, oňyn we hemişelik häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu jogapkärli derejeden gelip çykýan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň derwaýys işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň netijeli çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň oňyn gyzyklanmasy bilen şertlendirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Döwletimiziň hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňelmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine aýratyn orun degişlidir. Geçen çärýek asyra golaý döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi.

Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, türkmen halkynyň bitaraplyk häsiýeti öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandyr. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň döwründen bäri türkmenler hemişe goňşylary bilen parahat gatnaşypdyrlar, uruş-dawadan daşda bolupdyrlar. Ata Watanyny, ene topragyny goramakda bolsa edermenlik görkezipdirler.

Taryhyň jümmüşinden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne çenli uzap gaýdýan ýollarda şöhrata beslenen döwürler kän. Türkmen halkynyň özygtyýarlylygy we hemişelik Bitaraplygy hakynda oýlananyňda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ak arzuwlary hakydaňa dolýar. Çünki ol türkmen garaşsyzlygynyň hem bitaraplygynyň ruhy esaslandyryjysydyr. Şahyryň:

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy —

diýen setirlerini okanyňda, bu gün türkmeniň mizemez binasynyň Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasaty netijesinde binýat bolandygyna ýene bir ýola magat göz ýetirýärsiň.

Dünýä ýüzünde ynanyşmak ýörelgeleriniň berkemegi, ýaşlaryň dünýä giňişligine çykmaklary we döwrümiziň ösüşine öz sesini goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin ynsanyýet ähmiýetli alyp barýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 16 okalan

BITARAPLYK - BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

13 Awgust 2025 | 23 okalan

SEBITDE YLALAŞDYRYJY MERKEZ