Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda täze okuw ýylynda ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, bilim ulgamyna işe gelen ýaş mugallymlara täze zähmet ýoluna başlamaklary bilen ak ýol arzuw etmek, ýaşlaryň etrap welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän çärelere, syýasy-köpçülik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen «Bilimli, zehinli, watansöýüji ýaşlar-ata Watanymyzyň geljegidir» atly şygar astynda wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Wagyz-nesihat ýygnagynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeler, ýaşlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklary, ýaşlaryň arasyndan dürli ugurlar boýunça täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin çykyşlar etdiler.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.