MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen bilelikde Daşoguz welaýat kitaphanasynyň gurnamaklarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen «Manyly ömür nesillere nusgalykdyr» atly maslahat çäresini geçirdi. Maslahatda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň ýaşlarymyzy terbiýelemekde örän uly gollanma bolup durýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň dowamynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň sergileri guraldy. Maslahata we sergä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Jennet ÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar