Golaýda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda alnyp barylan işleri we öňde goýulan meseleleri halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Türkmenbaşydaky halkara Deňiz portunyň “Ýolagçy-parom” terminalynda tegelek stoluň başynda söhbetli telegepleşik ýazgy edildi.
Söhbetli gepleşigiň dowamynda çykyş eden hünärmenler maslahatyň çäginde geçirilen forumyň 7 görnüşi dogrusynda şeýle-de, forumda ara alnyp maslahatlaşylan ulag logistika pudagynyň ösüşi dogrusynda gürrüň berdiler.
Olar sözleriniň ahyrynda bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.