DOSTLUK KÖPRÜLERI BERKIDILÝÄR

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen üçünji maslahatyň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumy barada şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbetler edildi. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň müdiri.

Öňki makala

SPORTA SÖÝGI

Meňzeş habarlar

19 Awgust 2025 | 37 okalan

DOSTLUK KÖPRÜLERI BERKIDILÝÄR

19 Awgust 2025 | 25 okalan

SPORTA SÖÝGI

18 Awgust 2025 | 34 okalan

«DOST-DOGANLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY»