GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

Ýakynda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu brifingde ýurdumyzyň Balkan welaýatynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, şonuň bilen birlikde onuň çäklerinde guralan Ýaşlar forumynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Brifingde edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljege tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik başlangyçlar hakynda aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesi giňden toý-baýramlara beslenip bellenilmäge taýýarlyk görülýän ýurdumyzda 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, onuň çäklerinde guralan Ýaşlar forumynyň bu beýik başlangyçlaryň hatarynda ähmiýetiniň ulydygy, onda kabul edilen kararlardyr-çözgütleriň ýurtlaryň durmuşynda, halkara gatnaşyklarynda wajyp bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

Çärä gatnaşanlar beýik işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hakmyrat KIŞJIKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

«Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 35 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 33 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY