Parahatçylyk — adamzadyň iň mukaddes hem-de iň zerur gymmatlyklarynyň biridir. Ýer ýüzündäki her bir ynsan öz durmuşyny asuda, howpsuz we dost-doganlykda gurmak isleýär. Parahatçylykly jemgyýet bolsa diňe bir häzirki zaman nesilleri üçin däl, eýsem, geljekki ýaşlar üçin hem iň möhüm binýatdyr.
Parahatçylyk bar ýerinde ösüş, döredijilik we üstünlik bardyr. Ýurduň ykdysady taýdan ösmegi, bilim ulgamynyň kämilleşmegi, medeniýetiň gülläp ösmegi diňe parahatçylykly şertlerde mümkindir.
Ýaşlar jemgyýetiň geljegidir. Olaryň parahatçylykly jemgyýetde ýaşamagy diňe bir olaryň abadançylygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, bütin ýurduň geljegini hem belent derejelere göterýär.
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda parahatçylykly ýaşaýşy özüne ýörelge edinipdir. Türkmenistanyň dünýä ýüzünde tanalýan bitaraplyk syýasaty – parahatçylygyň nusgasy hökmünde dünýäde giňden kabul edilýär. Ýurdumyzyň ýaşlary hem şol ýörelgeleriň esasynda terbiýelenýär, olaryň dünýäniň dürli ýurtlarynda okamaga, sport ýaryşlarynda dostluk köprülerini gurmaga we medeniýet çärelerine işjeň gatnaşmaga, parahatçylyk ilçileri hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.
Parahatçylykly jemgyýet — ýaşlaryň geljeginiň binýady, ösüşiniň çeşmesi, üstünlikleriniň kepilidir. Çünki ýaşlar — ertiriň eýeleri, parahatçylygyň daýanjy we döwletimiziň geljegi.
Dinara KARIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.