ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERINDE ZENANLARYŇ ORNY

Şeýle şygar bilen, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň » durmuşa geçirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň ähli pudaklarynyň zenanlar guramalary we onuň işjeň agzalary gatnaşdy. Çäräniň dowamynda çykyş edenler döwletimizde zenan maşgala aýratyn hormat-sarpanyň goýulýandygyny, ýurdymyzda zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, şunuň bilen baglylykda, «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket edýändigini bellediler.

Maslahadyň ahyrynda oňa gatmaşanlar ýurdumyzda zenan sarpasynyň belentde tutulyp, döwletimizde bu ugur bilen baglanyşykly giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 6 okalan

YLYM — RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ÝALKYMY

01 Sentýabr 2025 | 6 okalan

TARYHYMYZ NESILLERE NUSGADYR

01 Sentýabr 2025 | 4 okalan

TARYHY ÝERLERE GEZELENÇ