TOÝ TUTULÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA
Gözüňiz aýdyň, halaýyk! Baýrama beslenen gözel Diýarymyzyň juwan keşbine şatlygyň reňki çaýylypdyr. Goja dünýäniň özi ýaly garry daglaryň roýuna bagtyň keşbi kebşirlenipdir. Dana şahyry dünýä beren mukaddes topragyň — Magtymguly etrabynyň degresi başy al öýmeli gyzlardan, eginleri gotazly ýigitlerden, kümüş saçly enelerden, pähim-parasatly atalardan, umuman, Medeniýet we sungat işgärleriniň hemde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň toýuny toýlaşmaga gelen märekeden ýaňa hyň berýär. Bir görseň, Sumbaryň kenarynda şygyr şalygyny owazlandyryp, bir seretseňem, Aý daglarynyň belent depelerini buýsançly synlap, dürli çärelerde dür saçýan, Magtymguly şahyryň goşgularyny gözel ýurtda täzeden ýaňlandyryp, heňňamlaryň gulagyna çawuş çakýan döredijilik işgärleriniň işewür keşplerinde eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgi, mähriban halkymyza bolan guwanç, hormatly Prezidentimize bolan alkyş bar. Neneň begenmejek! Haýsy ýurtda şular ýaly sungatyň şanyna toý tutulýar?! Haýsy ilde bir hepdeläp tutuş ýurt aýdyma beslenýär?!
Medeniýet we sungat işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş sözleri her ädimde, her günde goşgy-gazal bolup ýaňlanýar. Oňa teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikler, gazet-žurnallaryň sahypalaryndaky makalalar, ýürek sözleri arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Düýn şeýle çäreleriň biri Magtymguly etrabynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan täze mekdepleriň birinde bolup geçdi. Žurnalistleriň «Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleri» aýdyň ertirlere bolan ynama beslendi. Söhbetdeşlikde çykyş eden her bir žurnalistiň akyldar şahyryň şygyrlarynyň mysalynda türkmen topragynda ýaş nesillere watançylyk terbiýesiniň berlişi, päk zähmete bolan çäksiz söýgi mukam bolup ýaňlandy. Şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary, göýä, milli terbiýäniň özenini düzýän mertlik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halal rysk gazanmak ýaly baky ýörelgeleriň senasy bolup ýaňlandy. Ýaş nesilleriň terbiýesinde sözüň gudratynyň täsiri äşgär boldy.
Magtymguly, sözüň bilene sözdür...
Şahyryň: «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama...» diýen sözleri akylly-başly, edepli-ekramly türkmen gözelleriniň tarypy. Yşky-liriki ýaýlasyny alaçaly ýaga öwüren zenan temasy ene mukaddesliginiň maşgala durmuşyndaky taýsyz ornuny suratlandyrýar.
Türkmeniň toýa gatançly gelmek däbi Medeniýet hepdeliginde hasda äşgär boldy. Muzeý, kitaphana işgärleri ýaly, halkymyzyň milli mirasyny arzylaýanlaryň toý goşandy kalplara şatlyk çaýdy. Gazalçylaryň mylaýym owazlaryna goşup küşt depýän Hazar şäheriniň «Akja ýar» folklor toparyny synlanlaryň dideleri röwşen tapdy. Bu halk döredijilik toparynda ýaşy segsene ýakynlan Ogulbäbek ene ýaly belent ruhly ynsanlar bar.
Hawa, ýedi günläp toý tutmagy Oguz han atamyzyň döwründen bäri däp edinen türkmen ilinde bu gün ýene toý, ýene dabara. Bu şatlykly günde sungatyň şany dabaralanýar. Döredijilik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli tutulan bu toýuň şowhuny Sünt-Hasar daglaryndan aşyp dünýä ýaýrady. Ol Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleriniň tarypy bolup ýaňlandy. Ýazyjy-şahyrlaryň ylham guşuny ganatlandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Toýuňyz toýlara ulaşsyn, eziz ildeşler!
Magtymguly, sözle herne bileniň
Türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni oňa aýdyň mysaldyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik, parahatçylyk söýüjilik ýaly ýörelgeler bilen ägirt uly ösüşler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, dünýewi, demokratik we hukuk döwletliliginiň berk binýadynyň kepili bolan dabaraly toýlar tutulýar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem şeýle baýramlaryň biridir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk mazmunly goşgular aýratyn orun eýeleýär. Şahyr Watana, mähriban halkyna çäksiz söýgini, agzybirligi, birek-birege hormat-sarpa goýmagy ündeýän şygyrlary bilen halkyň köňlünde mydamalyk orun aldy. Magtymguly Pyragy watançylyga ýugrulan şygyrlary bilen parahat ýaşamagyň, azatlygyň we özbaşdaklygyň ýeňilmez beýik güýçdügi baradaky garaýyşlaryny halkyň arasynda wagyz edipdir. Şahyr watançylyk temasynda ýazan eserlerinde halky asuda hem abadan durmuş ugrunda göreşmäge, türkmen ýigitlerini Watana wepaly bolmak ruhunda terbiýelemäge çalşypdyr. Beýik söz ussady watançylyk äheňinde ýazan «Gidiji bolma», «Bardyr», «Il ýagşy», «Ýol bile» ýaly eserlerinde Watanyna bolan gyzgyn söýgüsini çeper beýan edipdir. Her bir halk, islendik adam üçin öz mähriban Watanyndan eziz zadyň ýokdugyny, päk zähmet çekip, ýurduň asudalygyny, il-ýurduň abadançylygyny goramaga mynasyp goşant goşmagy nesihat edipdir. Magtymguly Pyragy öz ýurdunyň tebigatyny dürli çeperçilik serişdeleriň üsti bilen wasp edipdir. Şahyr türkmen halkyny watançylyk, gahrymançylyk ruhunda terbiýeläp, mert we batyr ýigitleriň at-abraýyny, şöhratyny has-da ýokary göteripdir, halkyň ýüreginde olara çäksiz hormaty döredipdir. Şahyr «Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, göwresi giň gerek, özi pähimli» diýip, türkmen ýigitleriniň pähimli, parasatly bolmak bilen birlikde gaýduwsyz, mert bolmalydygyny nygtapdyr. Magtymguly Pyragynyň watançylyk mazmunly eserleri watansöýüji ýigitleriň güýçlerine güýç, gujurlaryna gujur goşupdyr, olary Watan üçin, azatlyk üçin gahrymançylykly göreşlere ruhlandyrypdyr. Beýik akyldaryň watançylyk mazmunly garaýyşlaryny Seýdi, Zelili, Mätäji, Mollanepes, Kätibi we beýleki şahyrlar döredijilikli ösdüripdirler. Çäksiz watançylyk, agzybirlik, wepalylyk, mertlik, berk bedenlilik, harby hünär taýdan ussatlyk, türgenlik ýaly häsiýetleri öňe sürüpdirler. Bagşy-sazandalarymyz onuň şygyrlaryny aýdym edip aýdypdyrlar we halkyň arasynda wagyz edipdirler. Şahyr «Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, senden soňkulara ýadygär bolar» diýip, çuň many-mazmunly eserlerini miras goýupdyr. Türkmen halkynyň durmuşyny, milli häsiýetini, däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini çeperçilik bilen suratlandyrypdyr.
Magtymguly Pyragy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň özbaşdak döwlet, döwletlilik, agzybirlik baradaky garaýyşlaryny döredijilikli ösdüripdir. Azadynyň we Magtymgulynyň döredijiliginde döwlet we döwletlilik meselesi uly orun alýar. Magtymguly «Haka ilat gerek, ile ser gerek, il bähbidin kylan şir iner gerek» diýip, halky agzybirlige çagyryp, bir döwlet baştutanyna gulluk etmek baradaky garaýyşlary döredijilikli ösdüripdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän çäksiz uly işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda we bütin dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýadynyň goýulýandygynyň, beýik akyldarlarymyzyň köňül arzuwlarynyň dünýä ýaň salýandygynyň özboluşly tassyknamasydyr.
Türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, agzybir il-gününe berkarar döwleti baky ýar eden hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw edýäris!
Aýjeren DURDYGYLYJOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
27.06.2019ý.